Olesýa Nikolaýewa

1955-nji ýylda Moskwada dogulýar. A. M. Gorjiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Şol ýerde häzirki wagtda edebiýat ussatlygyndan sapak berýär. On ýedi sany şygyrlar kitabynyň, şol sanda “Amor fati” (1997), “Ispan hatlary” (2004), “500 goşgy we poe­ma” (2008), “Asmany Iýerusalyma çenli” (2013), “Ortaýer deňziniň aýdymlary, ortarus agylary” (2017) atly; on üç sany kyssa, alty sany esse kitaplaryň we publisistikanyň awtory. Goşgulary köp Ýewropa we Aziýa dillerine, şol sanda iňlis, italýan, ispan, hytaý, nemes, fransuz, ýapon we beýleki dillere terjime edilipdir. Köpsanly baýraklaryň, şol sanda Boris Pasternak adyndaky Edebiýat baýragynyň, “Anthologia” Şahyrana baýragynyň, “Şahyr” Milli baýragynyň, RF-iň Hökümetiniň medeniýet ulgamynyň baýragynyň, Patriarşiý edebiýat baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Edebiýatçy alym we tankytçy Dmitriý Bak Nikolaýewanyň şygryýetiniň gözbaşynyň çuňluklary barada aýdanynda, ol: “öz sungatyny sungatyň soňunyň gatnaşmagynda, oňa seredip, şygryýet üçin başga çykalga görmeýän müňlerçelere hem eşitdirmek islegi bilen edýär. Bu ölçerme gizlin däl-de, açyk — pikirdeşleriniň we hormat goýýanlaryň eşitmegi üçin däl, eýsem düýbünden başgaça pikirlenýän adamlaryň eşitmekleri üçin” diýip belleýär.