Ýewgeniý Wodolazkin

Wodolazkin Ýewgeniý Germanowiç (1964-nji ýylda doglan) — ýazyjy, filolog, edebiýatçy. “Uly kitap” (2013), “Ýasnaýa Polýana” (2013) baýraklarynyň, Aleksandr Solženisynyň edebiýat baýragynyň (2019) eýesi. Kiýewde eneden dogulýar. T. G. Şewçenko adyndaky Kiýewiň döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. Filologiýa ylymlarynyň doktory. Ýazyjynyň ylmy gyzyklanmalarynyň gerimi: Gadymy Rusyň taryhy kyssasy, gadymy rus ekzegezasy. 100-den gowrak ylmy işiň awtory. “Slowo o polku Igorewe” ensiklopediýasynyň we “Biblioteka leteratury Drewneý Rusi” atly tapgyryň döredilmegine gatnaşýar. Sankt-Peterburg we Mýunhen uniwersitetlerinde leksiýalary okaýar. Ilkinji çap edilen romany — “Solowýow we Larionow”. 2013-nji ýylda “Lawr” romany iki sany abraýly baýraga mynasyp boldy. “Awiator” atly romanyna hem okyjylar tarapyndan ýokary baha berildi. Wodolazkiniň döredijiligine rus ruhy we psihologik kyssasynyň çuňňur däpleriniň ýokary filologik medeniýet bilen organiki utgaşmasy häsiýetlidir.

Произведения автора

1 произведение